- magtamak
- işlikGowy tarapyny aýtmak, öwmek, taryplamak.∙ Ol derrew agtygynyň adyny sorap bildi we onuň arassa saklanyşyny magtady. (N. Saryhanow, Saýlanan eserler)∙ Öz gyzynyň söýgüsine garşy çykýan bolsa, magtamakdan häzirlikçe saklanmakdan gowusy ýok. (N. Jumaýew, Ak Derek)∙ Agamyrat bulara adyny aýtmak bilen abraýynyň hem güçlüdigini magtady. («Sowet edebiýaty» žurnaly)
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi. 2015.